BAE-de dünýäde ilkinji kazyýet emeli aňy peýda bolar

MilliInfo

1 sagat öň

BAE-de dünýäde ilkinji kazyýet emeli aňy peýda bolar

Abu-Dabiniň Adalat departamenti dünýäde ilkinji emeli aň (EA) esasynda işleýän doly integrirlenen kazyýet platformasyny tanyşdyrdy. Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti we Premýer-ministriniň orunbasary şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň belleýşi ýaly, bu taslama adalatlylygy has çalt we netijeli üpjün etmek ýolunda möhüm ädim bolar.

Täze ulgam kazyýet işiniň ähli esasy amallaryny ýeke-täk sanly platformada jemleýär. Emeli aň işleriň materiallaryny seljerýär, kanunlary we kazyýet nusgalaryny tapmaga kömek edýär, hukuk maslahatlaryny taýýarlaýar, resminamalaryň düzülmegine gatnaşýar we işlere seretmek möhletini çaltlandyrýar.

Şunda her bir iş boýunça gutarnykly çözgüdi öňküsi ýaly, diňe kazy kabul edýär. Emeli aň diňe kömekçi wezipesini ýerine ýetirýär we kazyýet kararlary çykarylanda adamyň ornuny tutmaýar.

Işläp düzüjiler şahsy maglumatlaryň goralmagyna, algoritmleriň işiniň aýdyňlygyna we emeli aňyň ähtimal bolan bir taraplygynyň öňüni almaga aýratyn üns berýärler.

Bu platformanyň ornaşdyrylmagynyň kazyýet işlerine seretmek möhletlerini gysgaltmaga we daşary ýurtly maýadarlaryň ýurduň kazyýet ulgamyna bolan ynamyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine bil baglanylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info