Parižde Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa hepdeligi öz işine başlady

MilliInfo

16 sagat öň

Parižde YHÖG-niň (Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy) Ýewraziýa hepdeligi — 2026 öz işine başlady. Ol üç günlük ministrler derejesindäki duşuşyk bolup, Ýewraziýa sebitiniň ýurtlary bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerini gözlemäge bagyşlanýar.

Çäre YHÖG-niň ştab-kwartirasynda geçirilýär. Oňa Ýewraziýa döwletleriniň, YHÖG agza ýurtlaryň, halkara maliýe institutlarynyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem bilermenler we işewürler toparlarynyň agzalary gatnaşýarlar.

Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow ýolbaşçylyk edýär. Şu gün türkmen tarapy YHÖG-niň bäsdeşlige ukyplylyk boýunça «Tegelek stola» gatnaşar. Onda maýa goýum gurşawyny gowulandyrmaga we hususy pudagy goldamaga aýratyn üns berler. B.Ýalakow Hazarüsti geçelgesini ösdürmek we söwda işlerini ýönekeýleşdirmek boýunça çäreler barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde sebitiň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň sanly transformasiýasy, aýratyn ähmiýetli minerallary dolandyrmak, durnukly infrastrukturany ösdürmek we Hazarüsti ulag ugrunyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meseleler hem bar.

YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligi sebitiň durnukly we hemmetaraplaýyn (inklýuziw) ösüşine gönükdirilen açyk gepleşikler, tejribe alyşmak we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança hasaplanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info