Türkiye 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda takmynan 26 million 389 müň syýahatçyny kabul etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1% ösüşiň bellige alnandygyny aňladýar. Şunda syýahatçylyk girdejisi 7,6% ýokarlanyp, 25,8 milliard amerikan dollaryna ýetdi.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkiýe 2024-nji ýylda gelýän syýahatçylaryň sany boýunça dünýäde dördünji orny eýeledi.
Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň sözlerine görä, daşary ýurtly myhmanlar ýurtda ortaça 10 gije saklandylar we günde her adam üçin 106 dollar harçladylar — bu bolsa geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende, 8% artykdyr.
Gelen syýahatçylaryň sany boýunça öňdeligi eýeleýän ýurtlaryň hatarynda Russiýanyň (2,61 million adam), Germaniýanyň (2,42 million) we Beýik Britaniýanyň (1,75 million) bardygyny hem bellemek gerek. Amerikadan, Merkezi Aziýadan hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden hem syýahatçylyk akymynyň ýokarlanýandygy bellige alyndy.