Saud Arabystanynyň çölünde ägirt uly attraksionlar toplumy açyldy

MilliInfo

16 sagat öň

Saud Arabystanynda täze açylan «Six Flags Qiddiya City» seýilgähi çölüň giň meýdanyny ägirt uly syýahatçylyk zolagyna öwürdi. Bu dynç alyş merkezi dünýäniň iň uzyn, iň beýik we iň çalt hereket edýän amerikan attraksiony («американская горка») bilen üpjün edildi.

«Six Flags Qiddiya City» arap çölüniň ep-esli bölegini dünýäniň iň uly güýmenje we syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmegi maksat edinýän we uly gyzyklanma döredýän «Qiddiya» taslamasynyň bir bölegidir. Bu toplum ýurduň paýtagty Er-Riýadyň golaýynda ýerleşýär. Taslamanyň geljekki meýilnamalaryna kibersport meýdançasyny, stadiony we akwaparky hem gurmak baradaky maksatlar girýär.

«Six Flags Qiddiya City» meşhur «Six Flags» ulgamynyň Demirgazyk Amerikadan daşarda gurlan ilkinji seýilgähidir. Onuň gurluşygy takmynan dört ýyla çekdi. Toplumyň umumy meýdany 32 gektar bolup, onda restoranlar, söwda nokatlary we elbetde, dürli attraksionlar ýerleşýär.

Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryň üçüsi eýýäm dünýä rekordlaryny täzelemegi başardy. Şolaryň arasynda iň täsirli attraksion «Falcon’s Flight» (amerikan attraksiony) hasaplanýar. Ol bir wagtyň özünde dünýäde iň beýik, iň tiz hereket edýän we iň uzyn attraksion hasaplandy. Onuň sagatda 250 kilometre çenli tizlik alýandygy hem bellärlidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info