Aşgabatdaky Rus öýünde medeni alyş-çalşykda blogerligiň orny maslahatlaşylar

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatdaky Rus öýünde «Blogerlik medeni alyş-çalşyk guraly hökmünde» diýen temada maglumat-bilim beriş duşuşygy geçiriler. Natalýa Muhammedowa çäräniň esasy çykyş edijisi (spikeri) hökmünde çykyş eder.

Duşuşygyň dowamynda blogerlik işiniň medeni alyş-çalşygy ösdürmäge, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we jemgyýetçilik ähmiýetli mazmuny (kontenti) ýaýratmaga nähili ýardam berýändigi barada pikir alşylmagy meýilleşdirilýär.

Çäre 16-njy iýunda sagat 16:00-da şu salgyda geçiriler: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý.

Gatnaşmak üçin deslapky hasaba alyş hökmanydyr. Hasaba durmak üçin otdel_tm@mail.ru elektron poçta salgysyna ýüztutma ibermeli.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info