Isleg bildirýänleriň ählisi 22-nji dekabrda Aşgabatdaky Rus öýünde geçiriljek rus dili boýunça Täze ýyl sapagyna gatnaşyp bilerler.
Size täze ýyl lezzeti, gyzykly ýumuşlar we janly söhbetdeşlik, dostlukly hem-de ýakymly gurşaw garaşýar.
Bu wagtyňyzy peýdaly geçirmek, mähirli we baýramçylyk atmosferasynda rus dili boýunça bilimleriňizi kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Çäre sagat 17:00-da başlanýar. Şu elektron poçta arkaly öňünden ýazylmak hökmandyr: otdel_tm@mail.ru
