Täze durmuşa badalga: ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi

MilliInfo

Düýn 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň on müňlerçesi üçin täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyryp, ýakymly we tolgundyryjy pursatlara beslendi. Dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.

Soňra ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Dabaralaryň başynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy ýaşlaryň watansöýüjiliginiň, halkymyza wepalylygynyň we ruhubelentliginiň nyşanyna öwrüldi. Soňra hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

Dabaranyň dowamynda uçurymlaryň ene-atalary, bilim işgärleri orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabaralary okuwçylaryň ýerine ýetiren täsirli çykyşlary bilen utgaşdy. Uçurymlar soňky jaňy kakdylar we täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurdylar

Dabaralara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda ak mermerli paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza, mekdep ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info