ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň binýadynda täze gün elektrostansiýasyny resmi ýagdaýda işe girizdi. Bu başlangyç okuw mekdebiniň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we okuwçylar üçin amatly gurşaw döretmek maksady bilen, «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.
Gurlan ulgam 12,5 kWt kuwwatly fotoelektrik stansiýasyny, 48 kWt/s sygymly litiý akkumulýator saklaýjysyny, gibrid inwertoryny, şeýle hem inwertorly sowadyjylary we gözegçilik üçin sanly enjamlary öz içine alýar.
Bu toplum sport meýdançasyny we mekdebiň howlusyny hatda agşamara hem bökdençsiz yşyklandyrmak bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, stansiýa sebitiň talyplary we mekdep okuwçylary üçin amaly okuw guraly hökmünde ulanylar.
