Täze okuw ýyly üçin 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Noutbuk kompýuterleriniň deň ýarysyny — 68 müň 527-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady we olaryň:
32 müň 276-sy Daşoguz welaýatynyň,
10 müň 731-si Balkan welaýatynyň,
25 müň 520-si Mary welaýatynyň degişli bilim edaralaryna ýollanyldy.
Kompýuterleriň galan ýarysyny taýýarlamak bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň paýyna düşdi. Kärhana tarapyndan taýýarlanan noutbuklaryň:
24 müň 376-sy Lebap welaýatynyň,
19 müň 543-si Ahal welaýatynyň,
7 müň 154-si Mary welaýatynyň,
16 müň 954-si Aşgabat şäheriniň,
500 sanysy bolsa Arkadag şäheriniň bilim edaralaryna iberilipdir.
Geçen ýyl olaryň operasion ulgamy Android 14.0 + Google service bolan bolsa, bu ýyl ol Android 15.0 + Google service ulgamyna çenli ýokarlandyryldy. Noutbuklaryň operatiw ýady bolsa DDR4 4 Gb-dan DDR4 6 Gb-da çenli artdyryldy. Tor enjamlary barada aýdanymyzda, geçen ýyl ol Wi-Fi 802.11b/g/n we Bluetooth 4.0 bolan bolsa, bu ýylky noutbukda Wi-Fi 802.11b/g/n +BT we Bluetooth 4.0 görnüşdedir.
«Bilimli» atly noutbuklar Bilimler we talyp ýaşlar gününde ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basjak çagalara ajaýyp sowgat bolar.