Şweýsariýada gemriji gunduzlar boýunça şikaýat etmek üçin ýörite «gyzgyn arz etmek ulgamy» işe girizildi. Bu çäre haýwanlaryň adamlar bilen gapma-garşylygynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Täze ugur boýunça daýhanlar (fermerler), mülk eýeleri we munisipal gulluklar ýüz tutup bilerler.
Maksatnama haýwanlary atyp heläklemezden, olary goramaga gönükdirilendir. Şunlukda, her hepde gyzgyn ugur on töweregi ýüztutma gelip gowuşýar. Köplenç gemriji gunduzlaryň guran bentleri (gatlalary) sebäpli, ýüze çykýan suw joşmalaryndan, ýollaryň we baglaryň zaýalanmagyndan şikaýat edilýär. Ekologlar degişli ýerlere baryp, ýetirilen zyýany bahalandyrýarlar, emlägi goramak boýunça maslahat berýärler we döwlet býujetinden öwez tölegleriniň tölenilmegini ýola goýýarlar.
Şweýsariýada gemriji gunduzlaryň sany 2008-nji ýylda 1,6 müňe barabar bolan bolsa, 2022-nji ýylda 4,9 müňe ýetdi we artmagyny dowam edýär. Çünki 1956-njy ýylda bu jandarlaryň meşhurlygyny dikeltmek maksatnamasynyň başlanan wagtyndan bäri, hiç bir haýwan resmi rugsat esasynda heläklenmedi.
Umuman, gemriji gunduzlar käwagt belli bir ýerlere zyýan ýetirseler-de, olaryň işjeňligi ekoulgam üçin örän peýdalydyr: bentler sil suwlarynyň tizligini haýalladýar, emele gelýän suw toplumlary bolsa derýalaryň biologik dürlüliginiň artmagyna ýardam edýär.