Dünýäniň iň baý şahsyýetleriniň sanawynda wajyp üýtgeşmeler bolup geçdi. «Google» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Sergeý Brin meşhur Jeff Bezosy («Amazon») we Larri Ellisony («Oracle») yzda galdyryp, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda üçünji orna geçdi.
«Forbes Real-Time Billionaires List» neşiriniň 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky maglumatlaryna görä, Briniň maddy baýlygy 4,9 milliard dollar artyp, jemi 255,6 milliard dollara ýetdi. Häzirki wagtda ol sanawda diňe «Google» kompaniýasynyň beýleki esaslandyryjysy Larri Peýjden (277 milliard dollar) we Ilon Maskdan (725,3 milliard dollar) yza galýar.
Bu taryhy ösüş «Google» kompaniýasynyň maşgala kompaniýasy bolan «Alphabet» atly tarapyň paýnamalarynyň rekord derejede ýokarlanmagy bilen şertlendirildi. «Alphabet» şu ýyl bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 4 trillion dollar derejesinden geçirmegi başaran ilkinji kompaniýa boldy. Bu üstünligiň özeninde kompaniýanyň emeli aň (AI) ulgamyndaky öňdeligi durýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda «Gemini 3» modeliniň tanyşdyrylmagy we emeli aň amallary üçin niýetlenen ýedinji «Ironwood» çipiniň çykarylmagy muňa aýdyň subutnamadyr. Seljerijiler «Google» kompaniýasynyň bulut tehnologiýalaryndaky we emeli aň infrastrukturasyndaky berk ornunyň oňa «Nvidia» ýaly ägirtler bilen üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik döredýändigini belleýärler.
Mundan başga-da, «Apple» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk «Alphabetiň» paýnamalaryna goşmaça itergi berdi. Şu hepde berlen resmi beýanata görä, «Apple» özüniň täze nesil «Siri» ulgamynda we beýleki emeli aň funksiýalarynda «Gemini» modellerini esasy binýat hökmünde ulanar. Bu habardan soňra «Alphabetiň» paýnamalary 1,3 % gymmatlap, 337 dollara ýetdi we Sergeý Briniň sanawdaky ornuny has-da berkitdi.