Düýn — 5-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir.
BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär.
...Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli «tegelek stol» maslahatyna gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi. Ol bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär.
Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary, amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi aýdyldy.
Soňra diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi. Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.
«Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek: subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar beýan edildi.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilen «Ene süýdi — iň gowy başlangyç» çäresiniň netijelerine üns berildi.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.
«Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy.
«Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap, şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi.
