Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

MilliInfo

1 Iýun, 2026

Düýn paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

...Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Sergide «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri görkezildi. Ajaýyp halylar bilen bir hatarda, sergide halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylan dürli görnüşli haly önümlerine — çuwallara, horjunlara, eýerliklere, kilimlere, namazlyklara-da orun berlipdir. Mundan başga-da, häzirki zaman dizaýnerleriniň we halyçylaryň bilelikdäki zähmeti netijesinde döredilen haly portretleri, türkmen tebigatynyň gözel keşbi şekillendirilen halylar, ýüpekden çitilen nepis önümler serginiň bezegine öwrüldi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini äleme ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplomyň we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, şu gün Türkmenistanda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň genji-hazynasy bolan Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy. Sultan Raýew bu gadymy senedi ösdürmekde, döwrebap görnüşde kämilleşdirmekde bitirýän hyzmatlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine hem-de öňdebaryjy halyçylara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hoşallyk bildirdi we guramanyň ýörite diplomyny hem-de Minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.

Halyçylary sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, ylym-bilim, medeniýet we sungat işgärleri, dünýäniň ylmy, işewürlik jemgyýetçiliginiň agzalary, alymlar, halyşynaslar gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, haly türkmeniň köňül nagşy we milli buýsanjydyr. Häzirki döwürde türkmen halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek we geljek nesillere asyl nusgasynda ýetirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde milli halyçylyk sungatymyz täze ösüş ýoluna düşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap haly önümçilik kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmet we durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Soňra Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» atly bölümçelerde dowam etdi.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info