Paýtagtymyzda çagalar kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahaty geçirildi

MilliInfo

30 Ýanwar, 2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Aşgabat şäher Baş bilim müdürligi bilen bilelikdäki iş maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanda kitaphanalar ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Maslahata paýtagtymyzda ýerleşýän mekdepleriň kitaphanaçylary bilen bir hatarda, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň çagalaryň okuwlylygyna ýolbaşçylyk etmek hünäri boýunça bilim alýan talyplary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çagalar kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň kitap okamaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, kitaphana işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýaşlary ylmy-döredijilik we terjimeçilik işlerine işjeň çekmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

Maslahatda çagalara kitaphana hyzmatyny hödürlemegiň hilini ýokarlandyrmak we ösüp gelýän ýaş nesilde kitap okamaga bolan durnukly höwesi kemala getirmek boýunça durmuşa geçiriljek amaly çärelere aýratyn üns berildi.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info