Paýtagtymyzda ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary geçirildi

MilliInfo

21 Sentýabr, 2025

Düýn — 20-nji sentýabrda paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmakda önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary Türkmenistanyň «Gaýrat» hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy. Şeýle-de birnäçe raýatlara Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.

Halkyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň, «Zenan kalby» ordenine eýe bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde, Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Dabaralara gatnaşanlar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo