Türkmenistanyň paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkyplap güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Eýranyň ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre diplomatik wekilhanalaryň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetiň wekillerini bir ýere jemläp, iki döwletiň arasyndaky sarsmaz dostlugyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dabarany açan Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylsaýyn pugtalanýandygyny nygtady. Diplomatyň sözlerine görä, Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar döwletara resmi hyzmatdaşlygyň çäklerinden has uzaklara çykýar.
«Eýran-türkmen gatnaşyklary geografiki çäkden hem has ýokary çykyp, umumy siwilizasiýanyň, taryhyň we medeniýetiň jümmüşine kök urýar» — diýip, diplomat belledi.
Türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiana we bütin eýran halkyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi.
«Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda mynasyp ornuny tapýar. Umuman aýdylanda, 2025-nji ýyl türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhynda iň netijeli döwürleriň biri boldy» — diýip, R.Meredow aýtdy.
Dabaraly kabul edişligiň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak däpleriniň geljekde-de giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.