Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

MilliInfo

23 Mart, 2026

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, durmuş dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

«Nowruz ýaýlasynyň» esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler wasp edildi.

Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar, tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan, gadymdan gelýän bu dabaralaryň çuň many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi.

Baýramçylyk mynasybetli «Nowruz ýaýlasynda» köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy kemala getirildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

«Nowruz ýaýlasynyň» girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylandy. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň, tutuş tebigatyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. «Nowruz» sözüniň manysy hem «täze gün» diýmegi aňladyp, bu günüň säherinde dogýan Güni ýüze sylyp, ýagşy arzuwlar bilen garşylamak asylly däbe öwrülipdir.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu milli baýram häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere, parahatçylyga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli dabaralarda dünýä halklarynyň aýdym-saz, tans sungatyna, milli däplerine bagyşlanan çykyşlara möhüm orun berildi. Küştdepdi tansy ýurdumyzda bellenilýän ähli dabaralaryň bezegi hökmünde hemmelere uly ruhubelentlik bagyşlaýar.

Bu ýerde gadymyýetiň meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke atlaryna bagyşlanan döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň gadymy şäherlerine we gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli janlandyrdylar.

Halyçylyk türkmen zenanlarynyň döredijilik zehinini özünde jemleýän we müňýyllyklaryň dowamynda dünýäni haýrana goýýan gadymy sungatdyr. Häzirki döwürde bu sungat beýleki gymmatlyklarymyz ýaly, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Dabara gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri – haly, keşdeçilik, dokma we keçe önümleriniň taýýarlanyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Gyz çykarmak, ogul öýermek bilen bagly toý däpleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Baýramçylygyň çäklerinde milli toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm seneleri uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir.

Bagşylaryň aýdýan aýdymlary, çalýan şirin owazlary şol toýlaryň esasy bezegidir. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmen halkynyň ruhlandyryjysy boldy. Bu milli saz guralynyň özboluşly owazy özygtyýarly döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik

Türkmen toýy bolelinligiň we sahylygyň baýramydyr. Şunda dürli ýaryşlary guramak, baş baýrak goýmak toýlary gaýtalanmajak şüweleňe besleýär. Dabaranyň dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan edýär.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. «Galkynyş» topary köp sanly halkara festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir.

Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli seýisçilik sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gadymy däplerini wagyz etmek hem-de dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň behişdi bedewlere uly sarpa goýýandygy at esbaplarynyň, we şaý-sepleriniň nepislik bilen ýasalyşynda hem özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Olar şu güne çenli ahalteke atlarynyň özboluşly bezegi bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň milli senetleriniň hatarynda demirçilik we küýzegärlik, zähmet gurallaryny, at esbaplaryny, saz gurallaryny, keçe önümlerini taýýarlamak we beýlekiler bar. Olarda senetçileriň zähmetsöýerligi, zehini, döredijilik mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar.

«Nowruz ýaýlasynda» ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky dowarlaryň goragçysy alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary ösdürip ýetişdirmegiň däpleri dünýäniň gymmatly mirasy hökmünde geçen ýyl ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak ählumumy abadançylygyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Netijede, seýilgähleriň we baglaryň sany ýylsaýyn artýar, ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany giňeýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik taýdan arassa, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin görülýän giňişleýin çäreler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Nowruz ýaýlasynyň» meýdançasynda milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, şol ýerde iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aşpezçilik sungatynyň ussatlary myhmanlara dürli tagamlary hödür etdiler.

Umuman, «Nowruz ýaýlasyndaky» dabaralar diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin giň şertleri özünde jemleýän baýramçylykdyr.

Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi.

Konsert tamamlansa-da, «Nowruz ýaýlasyndaky» baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem geçirildi. Milli Bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler raýatlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Onda merdana türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy, päk garaýyşlary öz beýanyny tapýar.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info