Tbiliside Ýewropa we GDA sebiti üçin töleg boýunça okuw maslahaty geçirildi

MilliInfo

Tbiliside Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Halkara býurosynyň BPB-niň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin tölegler boýunça okuw seminary geçirildi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Aragatnaşyk, maglumat we häzirki zaman tehnologiýalary bölüminiň müdiri E.Kubusidze, BPB-niň Tbilisidäki sebitleýin edarasynyň wekili K.Aleksidze we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy M.Ataýew gatnaşdy.

Bu okuw seminarda Ýewropanyň we GDA-nyň poçta operatorlarynyň hatlary, kiçi bukjalary hem-de olaryň ýollanmalary üçin BPB-niň töleg ulgamlary baradaky tehniki bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info