16-njy awgustda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Y.Gaýypowyň Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
