Tähranyň Merkezi meýdançasy türkmen Baýdagynyň reňklerine beslendi

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Tähran şäheriniň Azady meýdançasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 34 ýyllygynyň hormatyna türkmen Baýdagynyň reňklerine beslendi.

Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany boldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Munuň özi bu ýere ýygnananlaryň kalbynda buýsanç we watançylyk duýgularyny döretdi. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watan Türkmenistan» atly aýdymy ýerine ýetirildi. Bu aýdym dabaranyň şatlyk ruhuny has-da artdyrdy.

Bu çärä Eýranyň Daşary Işler ministrliginiň, Tähran şäher häkimliginiň we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Tähranyň ýaşaýjylary we köp sanly syýahatçylar bu taryhy pursadyň şaýady boldular.

Azady meýdany 50 müň inedördül metrlik ölçegi bilen Eýranyň iň uly seýilgähleriniň biri hasaplanylýar. Onuň merkezinde Tähranyň nyşany bolan 45 metrlik Azady diňi ýerleşýär. Bu diň Garaşsyzlyk gününiň dabarasyny has-da belende göterdi. Ajaýyp çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň we iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo