27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.
Hususan-da, meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugruny — «Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk» atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu Gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.
Türkmenistanyň ilçisi, YHG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-niň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýandygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti» atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.
Türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň «Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk» atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-niň «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» resminamasynyň taslamasyna girizildi.
Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet sahypasynda «AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region» atly bölüm döredildi.