Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde boldy

MilliInfo

2 sagat öň

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi ýurdumyzyň D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary we talyplary bilen duşuşyklary geçirdi.

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ol bu gürrüňdeşligiň çäginde pars dili hünärinde okaýan talyplar bilen hem duşuşdylar. Şeýle-de, Medeniýet merkezi tarapyndan instituta birnäçe kitap, has takygy Saadynyň türkmen diline terjime edilen goşgulary, Mollanepesiň, Andalybyň pars diline terjime edilen eserleri, mundan başga-da, birnäçe şahyryň şygyrlary, pars dilini okatmagyň usulyýetine degişli kitaplar sowgat edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeniýet hem-de ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de ýokary okuw mekdebiň pars dili hünärinde okaýan talyplaryň we mugallymlaryň dil bilimi derejelerini has-da ýokarlandyrmak babatynda hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Düýn — 14-nji ýanwarda bolsa Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Bu ýerde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bar bolan aragatnaşygy has-da berkitmek, pars dili olimpiadasyny geçirmek, halkara çärelere işjeň gatnaşmak, bilelikde iki ýurduň meşhur şahsyýetlerine degişli çäreleri guramak, ylym-bilim we medeniýet hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda ilçi we onuň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi pars dili hünärinde okaýan talyplar we mugallymlar bilen tanyşdylar. Şeýle-de talyp ýaşlaryň pars diliniň öwrenişini has-da berkitmek maksady bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan birnäçe şahyrlaryň türkmen we pars diline terjime edilen kitaplarydyr okuw gollanmalary sowgat edildi. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info