Tokio şäheriniň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde «Merkezi Aziýanyň el işleri» şygary astynda Türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň, ajaýyp keşdeleriniň we şaý-sepleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Ýaponiýanyň Hirosima prefekturasynyň Sungat muzeýiniň gorunda saklanýan ajaýyp türkmen eserlerini tokioly ýaşaýjylara hödürlemegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýadaky medeniýeti açyp görkezmegi, türkmen keşdelerini, ajaýyp el işlerini, kümüş şaý-seplerini we beýleki senetleri şöhlelendirmegi serginiň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi.
Sergide 200-e golaý türkmen kümüş şaý-sepleri, milli ketenisi, keşde çekilen çyrpylaryň görnüşleri we el işleri görkezilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp günlerinde geçirilýän sergide iňlis atşynaslary tarapyndan ýygnalan türkmen bedewleriniň bezeg şaý-sepleri we esbaplary hem ýaýbaňlandyrylandyr.