Aşgabadyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «PERWANA» optika dükanynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Göz saglygyna bolan aladany hem-de şowhunly dynç alyş maksatnamasyny özünde jemlän çäre paýtagtymyzyň köp sanly ýaşajylaryny we myhmanlaryny özüne çekdi.
Gelýänler üçin gyzykly maksatnama taýýarlanyldy. Ýaş myhmanlar animatorlar bilen dürli oýunlara, bäsleşiklere we tanslara gatnaşsa, uly ýaşlylar optika önümleri bilen tanyşdylar hem-de hünärmenleriň maslahatlaryny aldylar. Professional makiýaž ussadynyň işleýän meýdançasy baýramçylygyň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy, ol myhmanlara özüne çekiji keşpleri saýlamaga kömek etdi.
Şeýle hem guramaçylar gatnaşyjylary dürli sowgatlar we garaşylmadyk täsinlikler bilen begendirdiler.
Tanyşdyryş dabarasynda lukmançylyk ugruna aýratyn üns berildi. Bu ýerde göz lukmany (okulist) gatnaşyjylary kabul etdi: isleýänleriň ählisi görüş ukybyny dessin barladyp, ony gorap saklamak we düzetmek boýunça hünärmenleriň maslahatlaryny aldylar.
Myhmanlar «PERWANA» tarapyndan hödürlenýän önümleriň dürlüligine — döwrebap äýnek çarçuwalaryna, ýokary hilli linzalara we esbaplara ýokary baha berdiler. Açylyş dabarasy mynasybetli ilkinji alyjylar üçin ýörite aksiýalar we arzanladyşlar hereket etdi.
Guramaçylar bu möhüm günde brendiň şatlygyny paýlaşandyklary üçin ähli myhmanlara we hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdiler.