Türkmenabat şäheriniň «TALHAN» basketbol topary 8–12 ýaş aralygyndaky ýaş türgenleri — oglanlary we gyzlary topary kabul edýändigini yglan edýär.
Habarlaşmak üçin:
Resminamalary kabul etmek: 15-nji awgustdan başlanýar.
Türgenleşikleriň başlangyjy: 2-nji sentýabr.
Ýazylyşyk we maglumat üçin telefon: +993 71 598262.
«TALHAN» basketbol toparynyň esasy gymmatlygy — onuň tälimçiler düzümidir. Topar türgenleri taýýarlamaga döwrebap çemeleşýän we dünýäniň iň gowy tejribelerini ulanýan höwesjeň ýaş hünärmenleri birleşdirýär.
Tälimçiler düzümine halkara derejeli hünärmen Bahtiýar Ibragimow ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda okuw türgneleşikler FIBA-nyň halkara standartlaryna we türgenleşiklere ylmy çemeleşmä esaslanýar.
Okuw usulyýeti şulara gönükdirilendir:
Özara hormat goýmak gurşawyny döretmek we düzgün-nyzamy terbiýelemek;
Toplumlaýyn ösüş — fiziki we tehniki ukyplardan başlap, oýun pikirlenmesine çenli;
Her bir çaganyň şahsy ukybyny goldamak we ýüze çykarmak.
«TALHAN» tälimçiler toparynyň şygary: «Ömür boýy öwrenmek. Özüň nusga bolup ylham bermek. Çempionlary we asylly ynsanlary terbiýelemek».
