2025-nji ýylda Türkmenabatda we Kerkide 150-ä golaý maşgala täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardy

MilliInfo

2 sagat öň

2025-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherlerinde 150-ä golaý maşgala köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardy.

Prezident maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda geçen ýyl 95 müň inedördül metrden gowrak täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisindäki çykyşynda 2026-njy ýylda ýurt boýunça 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info