ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojersiň Türkmenistana resmi sapary başlandy. ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň berýän maglumatyna görä, wekiliýetiň sapar maksatnamasy atçylyk toplumyna baryp görmek we ýurduň esasy medeni-taryhy nyşany bolan meşhur ahalteke bedewleri bilen tanyşlykdan başlandy.
Amerikan diplomatlary atlaryň bu täsin tohumyny köpeltmegiň, seýislemegiň we saklamagyň özboluşly milli däpleri bilen tanyşdylar.
ABŞ-dan gelen wekiliýetiň saparynyň esasy gün tertibi birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary we döwletara gepleşikleri öz içine alýar. Meýilleşdirilen çäreleriň çäginde taraplar sebit durnuklylygynyň we halkara gün tertibiniň has wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, syýasy we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de giňeltmek boýunça anyk ädimleri bellemegi, şeýle hem ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze we geljegi uly ugurlaryny kesgitlemegi meýilleşdirýärler.
