Küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Aşgabat tapgyry üstünlikli tamamlandy

MilliInfo

50 minut öň

Paýtagtymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binasynda küşt boýunça ýurdumyzyň Gran-pri ýaryşynyň Aşgabat tapgyry tamamlandy.

Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) kadalaryna laýyklykda we halkara reýtingi hasaba almak bilen geçirilen ýaryşa 270-den gowrak küştçi gatnaşdy.

Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Onuň netijeleri şeýle boldy:

Açyk dereje:

  • 1.     Annamuhammet Hommadow, 100 göterimlik netije görkezdi (9 oýundan 9 utuk), Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka boýunça mekdebi.

  • 2.     Ali Ahmedow, Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka boýunça mekdebi.

  • 3.     Şahruh Turaýew – Türkmenistanyň Küşt federasiýasy.

Zenanlaryň arasynda:

  • 1.     Aýa Baýramowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebi.

  • 2.     Mähri Agamyradowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebi.

  • 3.     Nurana Söýunowa, «Küşt älemi» akademiýasy, Aşgabat.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda küşt boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň resmi sport lybasynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Türgenlerimiz 13–18-nji maý aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň birinji Küşt olimpiadasynda şu lybaslarda milli sportumyzyň abraýyny gorarlar.

Aşgabat tapgyrynyň doly netijeleri bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info