Türkmenistanda Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyna taýýarlyk görülýär

MilliInfo
Türkmenistanda Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyna taýýarlyk görülýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtobanynyň gurluşygyna taýýarlyk görülýär. Uzynlygy 560–600 kilometre golaý boljak bu awtomobil ýoly Aşgabat şäherinden başlap, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçer. Ol Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň logiki dowamy bolup, Türkmenistanyň çäginden geçýän «Gündogar — Günbatar» ulag ugruny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.

Täze ulag geçelgesi Hytaýdan we Merkezi Aziýa döwletlerinden gelýän ýükleriň Türkmenabat hem-de Aşgabat şäherleriniň üsti bilen Türkmenbaşy portuna has çalt we bökdençsiz ýetirilmegine şert döreder. Şeýle hem Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa ugur alýan ýük akymlarynyň artmagyna oňyn täsir eder.

Ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň ösdürilmegi diňe bir ýük daşamak ulgamyna däl, eýsem, syýahatçylyk pudagyna hem täze mümkinçilikleri açýar. Amatly ýol şertleriniň döredilmegi ýurdumyzyň gözel künjeklerine hususy ulaglar we döwrebap şäherara awtobuslar arkaly syýahat edýänleriň sanynyň artmagyna ýardam eder.

Syýahatçylaryň sanynyň köpelmegi bilen myhmanhana, jemgyýetçilik iýmiti, söwda we dynç alyş hyzmatlary ýaly ugurlaryň ösüşi üçin täze mümkinçilikler döreýär. Şeýlelikde, ýylboýy hyzmat edýän döwrebap infrastruktura kemala gelip, ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm ösüş ugurlarynyň birine öwrüler.

Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtomobil ýollary diňe bir içerki ulag mümkinçiliklerini giňeltmän, eýsem, ýurduň halkara ulag geçelgelerindäki ornuny hem has-da pugtalandyrýan strategik taslamalar bolup durýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info