Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

MilliInfo

17 Mart, 2026

Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynda hünär bilimini döwrebap derejede ösdürmek ugruna uly ähmiýet berilýär. XXI asyrda zerur bolan başarnyklar we ylmy-tehniki ösüşde bolup geçýän özgerişliklere çalt jogap bermek ukyby işçi güýjüniň bäsdeşlik artykmaçlygyny emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu atlas «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin gysga we orta möhletiň dowamynda giň mümkinçiliklere eýe boljak pudaklaryň we hünärleriň gözükdirijisi bolar.

Şol bir wagtyň özünde hem, geljekde haýsy hünärleriň, pudaklaryň işjeň kemala geljekdigine, olarda haýsy täze tehnologiýalaryň, önümleriň, dolandyryş amalyýetleriniň dörejekdigine hem-de zähmet bazarynda haýsy hünärlere zerurlygyň boljakdygyna düşünmäge ýardam berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info