Türkmenistanda maliýe ulgamyny tehnologik taýdan täzelemegiň täze tapgyryna badalga berildi. 30-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy banklarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri makullady.
Bu iş «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» çäginde alnyp barylýar. Onuň esasy maksady bank ulgamyny ýokary tehnologiýaly ulgama öwürmekdir. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Görülýän çäreler häzirki zaman maliýe tehnologiýalarynyň işjeň ösdürilmegine, iň täze maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna, bank amallarynyň ilat hem işewürlik üçin has çalt we elýeterli derejä geçirilmegine gönükdirilendir.
Degişli banklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky teklipleri makullan döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.