Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary başlandy

MilliInfo

Täze ýyl baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan nyşanly harytlaryň we sowgatlaryň baýramçylyk söwdasy başlandy.

Söwda nokatlarynda azyk önümlerinden başga-da sowgatlyk toplumlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny, pul üçin gaplaryny, senenamalary we Täze ýyl baýramy üçin bezeg serişdelerini satyn alyp bolýar. Ýylky ýyly bolan 2026-njy ýylyň nyşanlary şekillendirilen harytlara aýratyn orun berilýär.

Baýramçylyk ýarmarkalary we göçme söwda nokatlary baýrama çenli işläp, raýatlarymyza özleri we ýakynlary üçin sowgatlary satyn almaga hem-de ýerli öndürijileri goldamaga mümkinçilik berer.

Baýramçylyk söwdasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde guraldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo