Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

19 minut öň

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň her ýylky bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy bolan, 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. Şolaryň hatarynda TYA-nyň, ylmy-barlag institutlarynyň (YBI), TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, magistrantlar, aspirantlar hem-de doktorantlar, orta we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar, şeýle hem ylmy işe aýratyn gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki türkmenistanlylar bar.

Bäsleşige esasy ugurlaryň 6-sy boýunça işler kabul edilýär:

1.     Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

2.     Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

3.     Maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

4.     Häzirki zaman lukmançylygynyň we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary;

5.     Innowasion ykdysadyýet;

6.     Ynsanperwer ylymlary.

Hödürlenen ylmy işlere ylmyň we tehnikanyň degişli ugurlary boýunça alymlardan hem hünärmenlerden ybarat ýörite bilermenler topary tarapyndan serediler. Awtorlyk işleri mowzugyň we mazmunyň ähmiýeti, amaly taýdan ulanylyşy, maksadynyň aýdyňlygy, ylmy täzeligi, ylmy barlagyň serişdeleri we usulyýeti, ylmy netijeleriň tassyklanmagy ýaly ölçegler boýunça bahalandyrylar.

Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Ylmy bäsleşigiň netijeleri däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününde yglan ediler. Ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Gatnaşmak isleýän ýaş alymlar öz ylmy işlerini şu ýylyň 15-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine hödürlemelidirler. Işler Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 104-nji jaý.

Bäsleşigiň geçirilişi, ylmy işleri resmileşdirmegiň kadalary, gatnaşmak üçin arzalary we resminamalary tabşyrmak baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynyň «Bäsleşikler» bölüminde, şeýle hem 44-88-55 telefon belgisi arkaly elýeterlidir.

2015-nji ýylyň fewralynda döredilen bu döwlet bäsleşigi ýerli ylmy ösdürmäge, alymlaryň täze neslini kemala getirmäge, olaryň has ähmiýetli we iň zerur ugurlardaky ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Bäsleşik zehinli ýaşlaryň ylmy işlerini milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini öňe sürmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info