Şu gün — 25-nji martda ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, bu möwsümiň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunlukda, «Türkmenpagta» döwlet konserni gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti degişli suwaryş suwy bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün eder.
Şu ýyl ýurdumyzyň Ahal welaýatynda gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary, Balkan welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Jeýhun» sortlary, Daşoguz welaýatynda orta süýümli «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120», «Jeýhun» we «F — 149» sortlary, Lebap welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «S — 2606», «Garaşsyzlyk — 30» sortlary, Mary welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «Ýolöten — 50», «TOHU — 17» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary ekiler. Gowaçanyň inçe süýümli sortlarynyň ekişini, mümkin boldugyça, irki möhletlerde geçirmek maksadalaýykdyr.
Gowaça ekişiniň takyk ekijiler bilen geçirilmegi tohumy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Pagtaçylygyň ösen ýurtlarynda her gektara 15 kilogram tohum ekilip, gögeren gowaçalar ýekelenmän, bol hasyl ýetişdirilýär. Tohumy takyk ekmek üçin onuň gabygynyň sütügini aýyrmak zerur bolýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan tohumlyk pagtany arassalamaga ýöriteleşdirilen kärhanalarda tohumyň sütügi himiki usulda, ýagny kükürt kislotasynyň suwdaky ergininde aýrylýar. Geçirilen meýdan tejribelerinde her gektara sütügi aýrylan tohumyň 15, sütügi aýrylmadyk tohumyň 20 kilogramy ekilende, ýeterlik gürlügi alyp bolýandygy subut edilen. Hatararasy 90 sm gerişleriň üstüne takyk usulda tohum ekilende, her 10 santimetrden bir tohum ekilýär.
Şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ähli sebitlerde gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary, gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak bilen bagly berýän tabşyryklarynyň netijeli ýerine ýetirilmegi, ata-babalarymyzdan gelýän daýhançylyk däpleriniň döwrebap ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär.
Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçy daýhanlar!