Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanda bilim, ýokary tehnologiýalar pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda açylan «Lu Ban ussahanasynyň» ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşup, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara tejribe alyşmak babatda möhüm meýdança bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Merkez döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri, maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilipdir. Umuman, «Lu Ban ussahanasynyň» açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr bolmak bilen, munuň özi Hytaýyň iň täze tehnologiýalaryny hem-de tejribelerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm binýada öwrüler.