Türkmenistanda aşa yssy howanyň zenanlaryň saglygyna ýetirýän töwekgelçiliklerine baha berildi

MilliInfo

1 sagat öň

20-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy aşa yssy howanyň zenanlaryň reproduktiw saglygyna ýetirýän täsiri barada okuw maslahatyny geçirdi. Bu çäre ÝUNFPA-nyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde 2026-njy ýyl üçin tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady milli hünärmenleri göwreli zenanlarda ýylylyk stressiniň kliniki anyklanylyşynyň döwrebap we subutnamalara esaslanýan usullary, şeýle hem saglyk üçin döräp biljek töwekgelçilikleri iň pes derejä düşürmek maksady bilen aşa yssy şertlerdäki ideg işlerine uýgunlaşdyrmak bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Uzak aralykdan (sanly ulgam arkaly) geçirilen okuw maslahatyna ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli ugurlar boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki howa şertlerine we aşa yssy howanyň zenanlaryň saglygyna ýetirýän täsiriniň aýratynlyklaryna seretdiler. Maslahatyň çäklerinde göwreli aýallaryň bedenine ýokary gyzgynlygyň ýetirýän täsiriniň öňüni almak üçin saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji halkasynda hyzmatlary hödürlemegi uýgunlaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info