Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli düzümleriň edara binalarynyň hem-de gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak tabşyryldy.
Şunlukda:
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasynyň,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasynyň hem-de gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamalary düzüler hem-de olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp gurlar.
