UNFPA-nyň goldawy bilen: Türkmenistanda zenanlaryň saglygyny anyklamagyň takyklygy ýokarlandyrylýar

MilliInfo
UNFPA-nyň goldawy bilen: Türkmenistanda zenanlaryň saglygyny anyklamagyň takyklygy ýokarlandyrylýar

10–19-njy awgust aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (SG we DSM) bilen bilelikde Aşgabatda ýatgy boýunjygynyň displaziýasyny irki tapgyrda ýüze çykarmak we skrining etmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we gistologik barlaglaryň hilini gowulandurmaga gönükdirilen okuw maslahatlaryny gurady.

SG we DSM-niň Halkara okuw-ylym merkeziniň we Merkezi patologik-anatomiýa edarasynyň binasynda geçirilen çäreler Aşgabat şäheriniň we ýurduň ähli welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli hünärmenleri — patologoanatomlary, sitologlary we patomorfologlary bir ýere jemledi. Okuw maslahaty UNFPA-nyň halkara hünärmeni, professor Radhika Srinawasanyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar nusgalary morfologik taýdan bahalandyrmagyň häzirki zaman halkara standartlaryny we usullaryny öwrendiler, şeýle hem milli skrining maksatnamasynyň çäklerinde işlemek üçin zerur bolan gistologik diagnostika başarnyklaryny özleşdirdiler. Mundan başga-da, çylşyrymly kliniki ýagdaýlary jikme-jik seljerdiler we barlaghana barlaglarynyň takyklygyny ýokarlandyrmagyň çemeleşmelerini maslahatlaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info