Diýarymyzda ykdysadyýet boýunça halkara olimpiada geçiriler

MilliInfo
Diýarymyzda ykdysadyýet boýunça halkara olimpiada geçiriler

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 28-nji noýabrda geçiriler we onlaýn tertibinde şahsy bäsleşik hökmünde guralar. Bäsleşigiň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleri bolar.

Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ugruna we okuw ýylyna garamazdan, ähli isleg bildirýän talyplar olimpiada gatnaşyp bilerler.

Internet-olimpiadanyň gatnaşyjylary üçin ýumuşlar şu dersler boýunça test görnüşinde hödürlener: «Makroykdysadyýet», «Dünýä ykdysadyýeti», «Sirkulýar ykdysadyýet» we «Halkara ykdysady gatnaşyklar».

Gatnaşyjylaryň netijeleri toplanan ballaryň jemine görä kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň I, II we III derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.

Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak ýokary okuw mekdebiň saýtyndaky «Bäsleşik 2026» bölüminde 24-nji noýabra çenli dowam edýär. Şol ýerde çäre baradaky goşmaça maglumatlar bilen hem tanşyp bolar.

Guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin:

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet-olimpiadasy ýaş zehinleri ýüze çykarmak, talyplaryň ykdysady düşünjelerini we diplomatik başarnyklaryny giňeltmek, dünýäde parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetine hem-de olaryň durnukly ykdysady ösüşdäki möhüm ornuna bolan düşünjäni kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny hem-de dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info