Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «STEM-olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigini hem-de onuň bilen ugurdaş STEM-sergisini guraýar.
Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Hasaba alyş 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli açykdyr.
Her bir ýokary we ýörite orta okuw mekdebiniň bäsleşige bir topar gatnaşdyrmaga hukugy bardyr.
Toparlaryň taýýarlan taslama işleri aşakdaky ugurlaryň birine laýyk gelmelidir:
STEM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Matematika)
STEAM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Sungat, Matematika)
STREAM (Ylym, Tehnologiýa, Okuw/Ýazuw, Inženerçilik, Sungat, Matematika)
Toparlaryň düzüminiň sanawyny 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli tdbgistem2026@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermek zerurdyr.
Taslamalara bildirilýän talaplar we bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumat «STEM-olimpiadasyny geçirmek hakyndaky» resmi Düzgünnamada beýan edilýär.
