Okuw işinde gajetleri ulanmagyň tertibi tassyklanyldy

MilliInfo

16 Iýun, 2026

Okuw işinde gajetleri ulanmagyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini tassyklady. 

Resminama eýeçiligiň döwlet we döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri we okaýanlar tarapyndan berjaý edilmäge degişlidir. Şunlukda, şahsy ykjam tehniki serişdeler – ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar, smart sagatlar we beýleki aragatnaşyk wezipelerini ýerine ýetirýän, internet toruna birikýän, foto surata düşürýän, ses we wideo ýazgylaryny edýän şahsy elektron gurluşlar bilim edaralarynda bilim işi guralanda elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary peýdalanmak üçin okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň maglumat serişdesi hökmünde ulanylyp bilner.

Tertipde bilim edaralarynda ykjam gurluşlar ulanylanda göz öňünde tutulmaly ýagdaýlar bellenilýär. Şeýlelikde:

  • maglumatlaryň kysymlaryny we sanlaryny çäklendirýän kiçi ekranly ykjam gurluşlaryň okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny;

  • grafika bilen işlenende ýüze çykýan kynçylyklary;

  • internet toruna simsiz birikýän peýdalanyjylaryň sanynyň bellenen möçberden köp bolan ýagdaýynda geçirijilik ukyplylygyň peselýändigini;

  • okuw sapaklary wagtynda ykjam gurluşlaryny saklamak üçin ýörite niýetlenilen ýerleri döretmek zerurlygyny göz öňünde tutmek möhümdir.

Mundan başga-da, ykjam enjamlary ulanmagyň düzgünleri we etiki kadalary kesgitlenilýär:

Okuw işiniň dowamynda okaýanlar ykjam gurluşlary pedagogik işgärleriň rugsady bilen okuw maksady üçin peýdalanmaly. Okaýanlar tarapyndan ykjam gurluşlary ulanmagyň etiki kadalary, ýagny bilim edaralarynda okuw işine päsgelçilik döretmezlik maksady bilen ykjam gurluşlaryň «sessiz» ýa-da «uçuş» düzgünine geçirilmegi, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň rugsady bolmazdan olaryň wideo, foto ýa-da ses ýazgylarynyň edilmezligi, şunuň bilen bagly, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň mertebesine hormat goýmak ýörelgeleriniň we beýleki kadalaryň berjaý edilmegi hökmanydyr. 

Galyberse-de, bilim edaralary ykjam gurluşlary netijeli, howpsuz we dogry ulanmagyň ýörelgeleri barada okaýanlary hem-de olaryň ata-enelerini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary tanyşdyrmaly. Şunda ykjam gurluşlaryň uzak wagtyň dowamynda ulanylmagynyň netijesinde okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny, şahsyýetiň ahlak we ruhy ösüşine zyýan ýetirip biljek islenilmeýän gorlara, şeýle hem terrorçylygy, urşy wagyz etmek, durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy wagyz edýän, milli we ahlak gymmatlyklara zyýan ýetirýän maglumatlary, okaýanlaryň jany we saglygy üçin zyýanly bolan kontentleri (zyýanly mazmunly grafiki, surat görnüşli, wideo materiallar, makalalar, gazetler, teleprogrammalar) ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmelerine girmekden saklanmak göz öňünde tutulmaly. Bu sanawyň üstüni gender we beýleki deňsizlikleriň artmagyna täsir etmekden hem-de umumy kabul edilen edeplilik kadalaryna gabat gelmeýän hereketleri etmekden saklanmak (gorkuzmak, agressiw häsiýetli habarlary ibermek, jemgyýet üçin howply etmişi eden adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we beýlekiler) we bilim edaralarynyň tertipnamalaryndan, içerki düzgün-nyzam kadalaryndan gelip çykýan talaplaryň pedagogik işgärler we okaýanlar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidigi ýetirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info