Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara fizika olimpiadasy geçirildi

MilliInfo

12 Dekabr, 2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda sanly ulgam arkaly fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi.

Bu halkara çärä Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde dünýäniň 14 döwletinden — Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Rumyniýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Özbegistandan, Täjigistandan, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Azerbaýjandan 380 töweregi talyp gatnaşdy.

Guramaçylykly geçirilen ylym bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ufa döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Nyzamy adyndaky Özbegistanyň milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Hinjiang uniwersitetiniň, Täjigistanyň milli uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Memfis uniwersitetiniň, Azerbaýjanyň tehniki uniwersitetiniň we L.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.

Ozal 8 ýurtdan bolan wekilleriň gatnaşmagynda geçýän bu bäsleşige Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejesinde giňden bellenilýän ýylynda 14 döwletden zehinli ýaşlaryň gatnaşmagy halkara olimpiadanyň meşhurlygynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info