Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

MilliInfo

13-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollary ministri wezipesine H.Kerimowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

H.Kerimow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info