Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň sanly ykdysadyýeti pudagynda ýaş programma üpjünçiligini işläp düzüjileri we startap başlangyçlaryny ýüze çykarmaga hem-de goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etdi. Gatnaşyjylardan resminamalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli dowam eder. Bäsleşigiň jemleri Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Türkmentel — 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde jemlener.
Bäsleşik «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda geçirilýär. Onuň esasy maksady ýokary hünärli IT-hünärmenlerini taýýarlamakdan, şeýle-de sanlylaşdyrmak ulgamynda täze startaplary amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige ýekelikde hem-de düzümi üç adamdan uly bolmadyk toparlarda (topar ýolbaşçysyny bellemek şerti bilen) gatnaşyp bolýar. Bahalandyrmak üçin web-hyzmatlar, şeýle hem kompýuterler we ykjam enjamlar üçin programma önümleri kabul edilýär. Şunda awtorlar işläp taýýarlamalaryň kiberhowpsuzlygy baradaky maglumatlary we intellektual eýeçiligi goramagyň möhletlerini görkezmelidirler. Programma üpjünçiliginiň başlangyç kodunyň bolmagy hökmany şertdir.
Taslamalara ýedi ugur boýunça garalar:
1. Emeli intellekt;
2. Robototehnika we awtomatlaşdyrmak;
3. Oba hojalygy üçin tehnologiýalar;
4. «Akylly şäher»;
5. Bilim we elektron okadyş;
6. Sanly lukmançylyk;
7. Hyzmatlar ulgamy.
Arzalara baha bermek üçin Aragatnaşyk ministrliginiň umumy ýolbaşçylygynda wagtlaýyn bilermenler topary dörediler.
Her ugur boýunça ýeňijiler — birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelänler pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar. Gatnaşyjylary hasaba almak we arzalary kabul etmek «telecom.tm» saýtynda elektron görnüşde amala aşyrylýar.
