Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

MilliInfo
Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda başlamak boýunça tabşyryklary berdi. Düýn döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ekerançylary pagta ýygymyna bilelikde girişdiler.

Möwsümi «ak altynly» kerwenler bilen açmak türkmen pagtaçy daýhanlarynyň öňden gelýän däbi bolup, ol täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Gowaça meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak, Watan harmanyna tabşyrmak daýhanlaryň öňünde durýan esasy wezipedir.

Ýerlerde pagta daşaýan awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegi üçin olara gije-gündiziň dowamynda hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň, pagta ýygyjylaryň ýokary öndürijilikli işlemegi, dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Pagta hasylyny ýygnamak üçin kabul ediş bölümlerinde, pagta arassalaýjy kärhanalarda taýýarlyk işleri geçirildi. Olarda ýerleşýän barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümi hil barlagyndan geçirýärler.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, «bismilla» bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan awtoulaglaryň, tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans, folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň gowy pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info