16-njy fewralda Türkmenistanda Kino hemdeligi açyldy. Ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan guraldy. Giň gerimli medeni çäre paýtagtyň kinoteatrlaryny we welaýat medeniýet merkezlerini öz içine alyp, tomaşaçylara ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen iň gowy çeper we dokumental filmlerini hödürleýär.
Çäreleriň maksatnamasyna diňe bir film görkezilişleri däl, eýsem mowzuklaýyn maslahatlar, kinematograflar bilen döredijilik duşuşyklary we baýramçylyk konsertleri hem girýär. Türkmen halkynyň baý taryhy mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny we döwletiň häzirki zaman gazananlaryny açyp görkezýän filmlere aýratyn üns berilýär. Kino hepdeligi 22-nji fewralda dabaraly çäreler bilen tamamlanar.
Kino hepdeliginde hödürlenjek filmler
«Aşgabat» kinoteatry:
16-njy fewral, 15:00 — «Gyzyl alma»;
17-nji fewral, 15:00 — «Seýis»;
18-nji fewral, 15:00 — «Uly baýragyň gymmaty»;
19-njy fewral, 15:00 — «Deňizçi»;
20-nji fewral, 15:00 — «Gyzyl kürte»;
21-nji fewral, 15:00 — «Galkynyş»;
22-nji fewral, 15:00 — «Ynsan syrdaşy».
«Watan» kinokonsert merkezi:
16-njy fewral, 15:00 — «Ýaşlar»;
17-nji fewral, 15:00 — «Köpetdag – esger ýigidiň arzuwy»;
18-nji fewral, 15:00 — «Gumly geliniň aýdymy»;
19-njy fewral, 15:00 — «Kompozitor»;
20-nji fewral, 15:00 — «Istärin»;
21-nji fewral, 15:00 — «Daragt»;
22-nji fewral, 15:00 — «Gürgenç gözeli Törebeg».
«Türkmenistan» kinokonsert zaly:
16-njy fewral, 15:00 — «Kagyza ýazylan ykbal»;
17-nji fewral, 15:00 — «Binýat»;
18-nji fewral, 15:00 — «Bakyş»;
19-njy fewral, 15:00 — «Kämillige ýol 2»;
20-nji fewral, 15:00 — «Domrul»;
21-nji fewral, 15:00 — «Çapar»;
22-nji fewral, 15:00 — «Kitap».
Ahal welaýaty (Sarahs şäheriniň medeniýet öýi, Sarahs etraby):
17-nji fewral, 15:00 — «Seýis»;
21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».
Balkan welaýaty (Janahyr şäherçesiniň medeniýet öýi, Gyzylarbat etraby):
17-nji fewral, 15:00 — «Gumly geliniň aýdymy»;
20-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».
Daşoguz welaýaty (Şabat etrabynyň «Altyn ýol» geňeşliginiň Dilowar obasynyň medeniýet öýi):
18-nji fewral, 15:00 — «Kitap»;
21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýi):
17-nji fewral, 15:00 — «Ýaşlar»;
21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».
Mary welaýaty (Ýolöten etrabynyň medeniýet merkezi):
17-nji fewral, 15:00 — «Kagyza ýazylan ykbal»
21-nji fewral, 15:00 — «Kompozitor».