2 — 20-nji noýabry aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sanjymlary dolandyrmagyň netijeliligine giň gerimli baha bermek işini geçirýärler.
Bu başlangyjyň esasy maksady derman serişdeleriniň milli üpjünçilik zynjyrynyň ýagdaýyny seljermekden hem-de onuň gözegçiligini we monitoringini kämilleşdirmek boýunça esaslandyrylan meýilnamany taýýarlamakdan ybaratdyr.
BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki usulyýeti sanjymlaryň dolanyşygynyň ähli tapgyrlaryny: milli derejede merkezi ammarlarda saklanyş we logistika meselelerinden başlap, welaýatlara, etraplara paýlanylyşyna hem-de lukmançylyk edaralarynda sanjym hyzmatlarynyň gös-göni berlişine çenli bolan aralygy öz içine alýar. Gazanylan netijeler ilaty meýilnamalaýyn we gaýragoýulmasyz sanjymlar bilen gurşap almagy goldamak üçin anyk amaly çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berer.
Ýerlerde geçiriljek işlere taýýarlyk görmegiň çäklerinde 3 — 6-njy noýabr aralygynda Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Onda BSGG-niň ştab-kwartirasynyň we Ýewropa sebitleýin býurosynyň hünärmenleri, şeýle hem Ermenistandan we Gazagystandan gelen geňeşçiler milli bilermenlere baha beriş gurallary bilen işlemek, maglumatlary ýygnamak we ýerinde barlaglary geçirmek boýunça tejribelerini öwredýärler.
9 — 13-nji noýabr aralygynda bilermenleriň bilelikdäki topary üpjünçilik zynjyrynyň ähli derejelerinde yzygiderli maglumatlary ýygnamak üçin Aşgabatdaky, Arkadag şäherindäki hem-de welaýatlardaky lukmançylyk edaralaryna aýlanyp görer. Saparlaryň jemleri boýunça seljerijiler alnan maglumatlary barlap tassyklarlar hem-de jemleýji maslahatlary taýýarlarlar. Bu teklipler geljekde Türkmenistanda sanjym (immunizasiýa) ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk maglumat binýady bolup hyzmat eder.
