Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy.
Şunlukda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnama, onuň Ýazgysy we plankasynyň Ýazgysy tassyklanyldy.
10-njy iýuldan herekete girizilen Kanun esasynda, Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan, ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde tapawutlanan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri sylaglanylýar.
