Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy

MilliInfo

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Strategiýa halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň milli medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, bu gymmatlyklarymyzyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo