Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň buýrugy esasynda, öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine we öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň möhletlerine hem-de hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlaryna üýtgetmeler we goşmaça girizildi. Bu üýtgetmeler ministriň 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndaky buýrugy bilen tassyklanan resminama degişlidir.
Şunlukda, indi öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň möhletlerine we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlaryna laýyklykda, öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalara bilim edaralarynda (şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim edaralarynda we beýlekiler) bolmaga rugsat berilmeýär. Çagalara öňüni alyş sanjymlary saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleri bilen baglanyşykly bellenen möhletleriň bozulmagy bilen geçirilen ýagdaýynda amatly epidemiýa ýagdaýy bolan halatynda degişli lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) çözgüdi boýunça olar degişli çagalar edaralaryna kabul edilip we ol ýere baryp biler.
Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine girizilen üýtgeşmeler bilen şu ýerde dolulygyna tanşyp bilersiňiz.